Täjigistan Türkmenistandan alýan suwuklandyrylan gazynyň importyny artdyrmagy meýilleşdirýär

09:11 05.02.2022 13488

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3908/original-161fb93644dd5a.jpeg

Häzirki wagta çenli suwuklandyrylan gazy, esasan, Gazagystandan we Russiýadan import edip gelen Täjigistan onuň gerimini giňeltmek kararyna geldi diýip, Respublikanyň energetika we suw serişdeleri ministri Juma Daler metbugat maslahatynda aýtdy. Bu barada Interfaks habar berýär.

«Türkmenistan bilen suwuklandyrylan gazyň importy hakynda ylalaşyga gol çekildi. Resminama ýangyjyň bu görnüşiniň çäklendirilmedik möçberiniň importyny göz öňünde tutýar» - diýip, ministr belledi.

Onuň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda Respublika suwuklandyrylan gazyň 410 müň tonnadan gowragy import edili, şonuň 361 müň tonnasy Gazagystanyň, 5 müň tonnasy Türkmenistanyň, galany bolsa Russiýanyň paýyna düşýär.

Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistan bilen ylalaşyga ýylyň ahyrynda gol çekildi. Şonuň üçin hem hem şu ýylda Täjigistan bu ýurtdan has köp ýangyç almagy meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda ýurtdaky awtomobilleriň 60%-e çenlisi suwuklandyrylan gaz bilen doldurylýar.

2021-nji ýylda Respublika Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan we Türkmenistandan umumylykda 1 mln tonnadan gowrak nebit önümleri we suwuklandyrylan gaz getirildi. Şolardan, 242,4 müň tonnasy benzin, 345 müň tonnasy dizel ýangyjy, 410 müň tonnadan gowragy suwuklandyrylan gaz.

2021-nji ýylyň awgustynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasyndaky gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň toplumynda suwuklandyrylan gazy we ýangyç-çalgy materiallaryny daşamak ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk bar.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.