VI Hazar sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy
14:41 02.02.2022 12849
2022-nji ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler sişenbe güni Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Mejlise degişli wise-premýerler, birnäçe ministrlikleriň we ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine Altynjy Hazar Sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler hem girizildi. Bu ugurda sammitiň dowamynda garalmagy meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere seredildi.
Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi, hazarýaka döwletleriniň we olaryň halklarynyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we giňişleýin özarahereketleriň pugtalandyrylmagy maksady bilen bu ugurda geljekde hem netijeli işleri dowam etmeklige hemmetaraplaýyn ygrarlydyr.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.