Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gazynyň eksport ugurlaryny giňeltmek boýunça maslahat geçirdi
14:44 02.02.2022 7128
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna bagyşlanan iş maslahatynda türkmen tebigy gazynyň eksport ugurlaryny giňeltmek meseleleri maslahatlaşyldy.
Wise-premýer Ş.Abdrahmanow döwlet Baştutanynyň türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak, halkara gaz geçirijileriň ugurlaryny giňeltmek boýunça beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli düzümleriň utgaşykly işiniň ýola goýuljakdygyna ynandyrdy.
Türkmen Lideri hasabaty diňläp, önümçiligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň we sanly ulgama geçirilmeginiň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny artdyrmagyň wajyp strategiýasy bolup durýandygyny belledi.
Şol bir wagtyň özünde türkmen tebigy gazyny üstaşyr geçirýän ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň işjeňleşdirilmegine hem zerur üns berilmelidir diýip, Prezidenti aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwletimiziň ykdysady syýasatyna laýyklykda ösdürilmelidigini belledi. Häzirki döwürde ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Şunda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň we pudaga degişli häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň işjeň ulanylmagy möhüm talap bolup durýar diýip, türkmen Lideri aýtdy we bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýä derejesindäki energetika döwleti hökmünde eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygy, bu babatda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy köpugurly esasda ösdürmek üçin zerur tagallalaryň yzygiderli edilmelidigini belledi.
Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar üçünji müňýyllygyň beýik maksatlaryna ýetmäge hem-de BMG-niň kabul eden 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça Gün tertibine laýyklykda, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir diýip, türkmen Lideri belledi we ýurdumyzyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda hemmetaraplaýyn tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika ulgamy boýunça taýýarlanylan iri möçberli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.