«Türkmengaz» DK gazyň çykarylyşyny we eksportyny artdyrmak boýunça taslamalary maliýeleşdirmek üçin CNPC bilen goşmaça ylalaşyk baglaşar
15:53 31.01.2022 7235
«Türkmengaz» döwlet konserni türkmen tebigy gazynyň çykarylyşyny we eksport möçberlerini artdyrmak maksady bilen, «CNPC» kompaniýasy bilen goşmaça ylalaşyklary baglaşar. Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Degişli Kararyň taslamasyny anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Şu resminama we Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen HHR-iň «CNPC» kompaniýasynyň arasynda “Galkynyş” gaz käninde 16 guýyny himiýa önümleri bilen üpjün etmek we buraw erginlerini taýýarlamak, guýulary ulanmak boýunça tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek we bu guýulary degişli enjamlar bilen üpjün etmek babatda tölegiň şertlerini üýtgetmek boýunça şertnamalary baglaşmak meýilleşdirilýär. Bu şertnamanyň bahasy 372 273 969,95 hytaý ýuanyna barabardyr.
Şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserni bilen «CNPC» kompaniýasynyň arasynda düzümleýin enjamlary gurnamak we “Galkynyş”, “Garabil” we “Bagaja” känlerinde degişli hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmak göz öňünde tutulýar.
Netijede, bu şertnamalaryň jemi bahasy 106 221 809,71 amerikan dollaryna barabar bolar.
Döwlet Baştutany maýa goýumlaryň ýurdumyzda alynýan çig mal serişdeleri bilen gaýtarylmalydygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasy bilen ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň üýtgewsiz dostlukly we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.
Türkmen Lideriniň aýdyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçilikleri bar. Olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy diňe bir ikitaraplaýyn bähbitlere däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylyk we ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow täze guýulary burawlamakda we ozal hereket edýän känleri döwrebaplaşdyrmakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi türkmen gazynyň eksport möçberlerini artdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.