Türkmenistanyň Prezidentine ýurdumyzy ösdürmegiň geljek 30 ýyl üçin Maksatnamasynyň taslamasy hödürleniler
15:50 31.01.2022 8317
Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Bu Maksatnamada geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegi üpjün etmek maksady bilen, birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Şolaryň hatarynda ykdysadyýetiň düzümlerini üýtgedip guramagy, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar ykdysadyýeti şertlerinde ornaşdyrmagy dowam etdirmek, makroykdysady we maliýe durnuklylygyny saklamak; tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň, pudaklary, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň, innowasion tehnologiýalary we kuwwatlyklary doly ulanmagyň hasabyna senagat we nebitgaz pudaklaryny depginli ösdürmek; energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak, şol sanda wodorod energetikasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy öwrenmek, daşky gurşawy goramak, “ýaşyl ykdysadyýet” syýasatyny alyp barmak; sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak; ykdysady-geografik ýerleşişiň amatlyklaryndan netijeli peýdalanyp, multimodal ulag geçelgelerini we ugurlaryny döretmek, ulag-logistika ulgamlarynyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün etmek; ýer-suw serişdelerini ýokary netijeli peýdalanmagyň, hasyllylygy ýokarlandyrmagyň, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerini öndürmegiň hasabyna azyk howpsuzlygyny üpjün etmek; bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen we importyň ornuny tutýan önümçilikleri çalt depginlerde ösdürmek; amatly işewürlik gurşawyny kämilleşdirmegiň hasabyna kiçi we orta telekeçiligiň ornuny güýçlendirmek we jemi içerki önümde hususy bölegiň paýyny has-da ýokarlandyrmak, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň ösüşini işjeňleşdirmek; netijeli maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek; milli ykdysadyýetimizi depginli, durnukly we toplumlaýyn ösdürmegiň hasabyna ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak wezipeleri bar.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ony täze sepgitlere çykarmak üçin täze maksatnamalaýyn resminamany kabul etmegiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz geljek 30 ýyl üçin strategik maksatnamada türkmen döwletiniň häzirki taryhy döwürde syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarda ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen esasy wezipeleriň kesgitlenilmelidigini aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürleniljek Milli maksatnamanyň her bir düzgüniniň ugurdaş düzümler tarapyndan içgin seljerilmelidigine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem Hökümetiň Baştutanynyň orunbasaryna degişli Kararyň taslamasyny taýýarlamak tabşyryldy.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.