Nebitgaz toplumynda hoşallyk maslahaty geçirildi

09:45 28.01.2022 15704

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3833/original-161f374d39b308.jpeg

 26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.  Onda 2022-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de sebitleri döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak meselelerine garaldy. Maslahatyň dowamynda milli Liderimiz nebitgaz toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin möhümdigini göz öňünde tutup, pudagy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, «Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna maýa goýum serişdesini bermek barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.   

Nebitgaz toplumynyň agzybir işgärleriniň hormatly Prezidentimize bolan buýsanjyny we guwanjyny artdyran hoş habaryň yzysüre – 27-nji ýanwarda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda ,,Halkyň Arkadagly zamanasynda nebitgaz senagatyny ösdürmegiň täze tapgyry’’ atly hoşallyk maslahaty geçirildi.

Dabaraly çärede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow, Döwlet ministri -- ,,Türkmengaz’’ döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, Türkmengeologiýa’’ döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew,  nebitgaz toplumynyň işgärleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri  çykyş edip,  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde nebitgaz toplumynda möhüm ähmiýetli iri taslamalaryň amala aşyrylyşy, nebitgaz, gelogiýa işlerine bölünip berlen maýa goýum serişdeleriniň uly ähmiýeti,  “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda amala aşyrylýan işler, öňde duran wezipeler barada giňişleýin durup geçdiler.

Maslshatyň dowamynda çykyş edenler  hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ýokary depginde özgeridilişi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylyşy, nebitgaz pudagynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň we eksport mümkinçilikleriniň yzygiderli artyşy barada öz ýürek buýsanjyny beýan etdiler.

  ,,Türkmengaz’’ döwlet konserniniň Medeni işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň dabaraly çäräniň dowamynda ýerne ýetiren aýdym-sazlary nebitgazçylarda we myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.