Türkmenistanyň, Pakistanyň we Hindistanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar

18:44 25.01.2022 6295

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3814/original-161ef8fd5a34f7.jpeg

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek meseleleri Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistandan kärdeşi Subramanýam Jaýşankar we Pakistandan Şah Mahmud Kureýşi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Hususan-da, Türkmenistanyň we Hindistanyň DIM-niň ýolbaşçylary soňky ýyllarda ýokary döwlet derejesinde, ilkinji nobatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind hem-de Premýer-ministri Narendra Modi bilen duşuşyklarynyň we telefon arkaly gepleşikleriniň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn geljekde durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belläp geçdiler.

Bu ugurda ministrler Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň depgini barada pikir alyşdylar hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede bu hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigini nygtadylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýakyn günlerde wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek ilkinji “Merkezi Aziýa-Hindistan” Sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berdiler.

R.Meredow Pakistanyň daşary  işler ministri bilen geçiren telefon arkaly gepleşiklerinde şu ýylyň 22-23-nji martynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky 48-nji mejlisine görülýän taýýarlyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdinde özara hereketleriň pugtalandyrylmagy babatynda bu forumyň möhüm ähmiýetini belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň käbir meselelerine hem seredilip geçildi. Ýokary döwlet derejesindäki gepleşikleriň, ilkinji nobatda 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa ornaşdyrylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy.

Şu nukdaýnazardan, ministrler Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan iş ýüzündäki meselelere aýratyn üns berdiler.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.