Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

09:20 22.01.2022 10336

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3793/original-161ea7f182c053.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen penşenbe güni geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, Türkmenistanyň DÖwlet habarlar agentligi habar berýär.

Türkmen Lideri Türkmenistanyň Özbegistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge uly üns berýändigini nygtady. Bu hyzmatdaşlyk taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, barha täze many-mazmuna eýe bolýar. Şunda ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar möhüm orny eýeleýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda golaýda Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň mähirli garşylanandygy hem-de görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Şol saparyň çäklerinde özbek kärdeşleri bilen ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, söwda-ykdysady we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça netijeli duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetiniň bähbitleriň umumylygy hem-de hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak babatda berk syýasy erk-islegiň bardygy bilen şertlendirilendigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň möhüm halkara hem-de sebit meseleleri boýunça çemeleşmeleriniň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi bellenildi. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde tagallalary birleşdirmek üçin möhüm şert bolup durýar. Biziň ýurtlarymyz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de ylalaşyklylygy üpjün etmekde aýratyn orun eýeleýärler. Munuň özi sebitde we onuň çäklerinden daşarda ýagdaýlaryň çalt üýtgeýändigi bilen baglylykda uly ähmiýete eýedir.

Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk baý tejribesiniň we asylly däpleriniň häzirki döwürde iki döwletiň ösüşiniň täze ýagdaýlaryna hem-de isleglerine laýyklykda baýlaşdyrylýandygy nygtaldy. Şunda taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyndan üstünlikli peýdalanmak üçin mundan beýläk-de zerur çäreleri görmäge meýillidigi tassyklanyldy.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.