Gidrogeologlar Daşoguz welaýatynda ýerasty suwlaryň gözleg işlerini netijeli amala aşyrýarlar
20:42 20.01.2022 15800
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasy «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän 2022-nji ýyla ynamly girýärler. Ençeme ýyllaryň dowamynda ekspedisiýanyň hünärmenleri ýerleriň melioratiw we ekologiýa ýagdaýyny öwrenmekde hem-de agyz suw gorlaryny gözlemekde netijeli işleri amala aşyrýarlar.
Geçen ýylyň netijeleri boýunça buraw işleri boýunça meýilnama ekspeditorlar tarapyndan 121,22% ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda ekspedisiýa ýerasty suwly plastlary gözlemek, olaryň gorlaryny anyklamak, şeýle hem hereket edýän guýularyň ýagdaýyna ideg etmek işlerini dowam edýärler.
Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň çäginde geoekologiýa barlaglar bilen birlikde dürli görnüşli binalary gurmak üçin inženerçilik-geologiýa barlaglar boýunça iri göwrümli işler alnyp barylýar. Işleriň çäginde ýerleriň we ýerasty suwlaryň relýefi, häsiýetnamalary öwrenilýär.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.