Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi 11-nji fewralda geçiriler

16:11 19.01.2022 7026

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3776/original-161e7be3190b52.jpeg

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini 11-nji fewralda geçirmek meýilleşdirildi. Degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminama laýyklykda, nobatdan daşary mejlis täze eýýamda mähriban Watanymyzy geljek 30 ýylda syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny, şeýle hem döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanar.

Mejlis Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde, Ahal welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky Ruhyýet köşklerinde sanly ulgam arkaly geçiriler.

Şu ýylyň 7-nji ýanwarynda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwleti we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemegiň gerekdigine ünsi çekip, şu ýylyň fewral aýynyň başynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmegi teklip etdi. Mejlisde 2021-nji ýylda alnyp barylan işleriň jemleri jemlener we şu ýyl üçin wezipeler kesgitlener.

Başga makalalar
164f876a934033.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


164f970bf2995e.jpg
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar

TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.


164f97116c9b62.jpg
Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi

4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


164fb17f25918b.jpg
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


164f6d633d4134.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE-niň we Owganystanyň kompaniýalary nebitgaz toplumynyň önümlerini aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 89-sy hasaba alyndy.