Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Daşkentde türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
09:54 22.01.2022 5914
Daşkende iş sapary bilen baran Türkmenistanyň wise-premýeri Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň ösüş depgininiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler, diýip DIM belleýär.
Şeýle hem saparyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen duşuşdy. Gepleşiklerde söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklara aýratyn üns bermek bilen, taraplar özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler.
Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Daşkent şäherine amala aşyrylan saparynyň dowamynda ylalaşylan türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň döredilmeginiň ähmiýeti babatynda bellenildi. Şeýle-de, ulag we energetika pudaklarynyň iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygy barada nygtaldy.
Özbek habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda soňky dört ýylda özara haryt dolanyşygynyň bäş esse artandygy, 2021-nji ýylda bolsa onuň möçberiniň 65% artyp, ABŞ-nyň 880 mln dollaryna deň bolandygy nygtalýar. Şol bir wagtda ýakyn geljekde özara haryt dolanyşygynyň möçberini ABŞ-nyň 1 mlrd dollaryna ýetirmek bellenildi.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça iki ýurduň hususy ulgamynyň wekilleriniň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.