TDHÇMB-niň söwdalarynda bahasy 104,2 mln dollardan gowrak bolan geleşikler baglaşyldy
15:45 18.01.2022 6184
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Maltanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, awtoulag benzinini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem Seýdiniňnebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Russiýanyň, BAE-niň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyňwekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň düzümlerinde öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.
Şeýle-de, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçilerine daşary ýurt puluna demriňýüzüni posdan we ýagdan arassalamak üçin niýetlenen serişde hem-de float list aýnasy ýerlenildi. Geleşikleriňbahasy ABŞ-nyň 104 million 248 müňdollaryndan gowrak boldy.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň işewürleri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gurluşyk nebit bitumuny, el halylaryny we plastik poddonlary satyn aldylar. Geleşikleriňbahasy 26 million 707 müňmanatlykdan gowrak boldy.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.