Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-leriniň syýasy geňeşmelerinde energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
15:43 18.01.2022 10673
Duşenbe güni Daşkent şäherinde geçirilen Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmelerde ulag-logistika, energetika we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Norow ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň depgini barada nygtamak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňe gitmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini bellediler.
Bilelikdäki hereketler üçin giň mümkinçilikleri bolan söwda we ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklige aýratyn üns berildi.
Şunuň bilen baglylykda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň ähmiýeti bellenildi. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ulag-logistika, energetika, himiýa we senagat ulgamlaryndaky hem-de maglumat howpsuzlygy ugrundaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerine seredilip geçildi. Mundan başga-da taraplar medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna hem jikme-jik seredip geçdiler.
Taraplar sebitdäki özara gatnaşyklar barada durup geçip, doganlyk Owganystanda parahatçylygyň, ylalaşygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi ugrunda kömek etmek islegindäki birligini nygtadylar.
Türkmenistan we Özbegistan Owganystana hemmetaraplaýyn ykdysady we ynsanperwerlik goldawy bermegi dowam etdirýärler.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.