Owganystanyň Hökümet wekiliýeti Türkmenistanyň DIM-inde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny maslahatlaşdy
09:28 18.01.2022 7068
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi Türkmenistana sapar bilen gelen Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýet bilen ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Bu mesele şenbe güni wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bilen maslahatlaşyldy.
Türkmen wekiliýetiniň Owganystana amala aşyran birnäçe saparlarynyň dowamynda geçirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň netijeliligi babatynda bellenildi. Bu ugurda, taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýetli orny barada nygtadylar.
Söhbetdeşler sebit howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky türkmen-owgan özara hereketleriniň mundan bäýläk hem işjeňleşdirilmeginiň wajypdygyny bellediler.
R.Meredow Türkmenistanyň, gürrüňsiz, Owganystanyň syýasy we ykdysady durnuklylygyna, owgan halkynyň abadançylygyna we bitewüligine gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Bu ugurda türkmen tarapy Türkmenistanyň, hoşniýetli goňşuçylyk we köp asyrlyk dostluk ýörelgelerinden ugur alyp, owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer kömegini ibermegi dowam etdirjegini tassyklady.
Owgan wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Owganystanyň Daşary işler ministrleri habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Ýüzlenmäniň dowamynda iki ýurduň DIM-leriniň ýolbaşçylary nobatdaky duşuşyklaryň oňyn hem-de köpugurly häsiýetini nygtamak bilen, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda özarabähbitli hyzmatdaşlygyň has hem giňledilmegine gönükdirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň netijelerini jemlediler.
Ýekşenbe güni Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň twitterinde habar çykaryldy, onda beýan edilişine görä, Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça işleri dikeltmegiň möhletleri boýunça Türkmenistan bilen ylalaşyk gazanyldy. Hususan-da, habar berlişi ýaly, elektrik üpjünçiligi, TOPH taslamasy we demir ýollary giňeltmek boýunça işler 2022-nji ýylyň martynda başlanar.
Şeýle hem habar berlişi ýaly, 22-nji ýanwarda Kabulda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça Owganystanyň we Türkmenistanyň tehniki toparlarynyň duşuşygy geçiriler.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.