«Halkyň Arkadagly zamanasy» – buýsançly zaman
10:52 31.12.2021 14190
Düýn Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, nebitgaz toplumumynyň ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdy.
Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyçlary bilen günsaýyn ösüş-özgerişliklere beslenýän eziz Diýarymyzda geçip barýan ýylda ýetilen belent sepgitler, halkara derejesindäki iri wakalar, buýsandyryjy netijeler, «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan Täze 2022-nji ýylda öňde goýlan maksatlar dogrusynda manyly çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda mähriban halkymyzy, Türkmenistan döwletimizi ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan, dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçy-sazandalarynyň Gahryman Arkadagly zamanamyzy, eşretli durmuşy, beýik ösüşleri wasp edýän joşgunly aýdym-sazly çykyşlary maslahata gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdi. Dabaraly çäräniň ahyrynda maslahata gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenmesi kabul edildi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.