ABŞ-da ätiýaçlyklaryň azalmagy netijesinde nebit gymmatlamagyny dowam edýär, Brent — 79,39 dollar
10:36 31.12.2021 6706
Geçen hepdede ABŞ-da nebit ätiýaçlyklarynyň garaşylyşyndan has köp azalmagy netijeisnde penşenbe güni irden nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam etdi.
Interfaksyň habar berşi ýaly, Brent nebitiniň fewraldaky fýuçersleriniň bahasy Londondaky ICE Futures biržasynda 79,39 dollara deň boldy. Bu öňküsi gündäki söwdanyň barşyndan 0,2 göterim artykdyr. Çarşenbe güni söwdalaryň netijesi boýunça bahalar 0,4göterim ýokarlanyp, 79,23 dollara barabar bolupdy.
WTI nebitiniň bahasy Nýu-Ýorkdaky elekstron söwda haryt biržasynda 76,74 dollara barabar boldy. Ösüş 0,24 göterime deň boldy. Çarşenbe güni onuň bahasy 0,8 göterim ýokarlanyp, 76,56 dollara ýetipdi.
Öňküsi gün söwdanyň barşynda nebitiň bahasy noýabryň ahyryndan bäri iň ýokary çägine ýetipdi. Ýylyň başyndan bäri bolsa, iki görnüşiň hem bahalary 50 göterimden gowrak ýokarlandy. Bu ýagdaý onlarça ýylyň dowamynda bolmandy diýip, Trading Economics habar berýär.
Mälim ýolşy ýaly, ABŞ-nyň harytlyk nebit ätiýaçlyklary geçen hepdede 3,58 mln barrel azaldy. Şol bir wagtda bolsa, Bloomberg agentliginiň bilermenleriniň pikir soraşmasynda bu görkezijiniň 2,7 mln barrele ýetmegine garaşylýardy. Benziniň harytlyk ätiýaçlyklary 1,46 mln barrel, distilýatlaryňky 1,73 barrel azaldy.
Mundan başga-da, maýadarlar koronawirusyň «omikron» ştammynyň beýleki görnüşlerinden has howpsuzdygy baradaky maglumatlaryň netijesinde ýurt häkimiýetleriniň hereketlere çäklendirme girizmejekdiklerine ynanýarlar.
Bazaryň bar ünsi häzirki wagtda 4-nji ýanwarda geçiriljke OPEC+ mejlisinde jemlendi. Bu duşuşykda nebit çykarýan döwletleriň wekilleri öň meýilleşdirilen fewral aýynda günde 400 müň barrel nebit önümçiligine çenli önümçiligi artdyrmak meýillerini maslahatlaşarlar.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.