Gaz OPEC-i döredilmez — gazyň ählumumy bazary heniz ýeterlik derejede ösmedi — Russiýanyň wise-premýeri

11:20 30.12.2021 6734

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3647/original-161cc6cd98e8c4.jpeg

Ählumumy gaz bazaryna gatnaşyjylar OPEC mysalynda ählumumy bazar kadalaşdyryjysyny döretmekden heniz uzakda. RF-niň wise-premýeri Aleksandr Nowagyň bellemegine görä, gaz bazary munuň üçin heniz ösüp ýetişmedi diýip Interfaks habar berýär.

RBK beren interwýusynda ol «bu babatda hiç hili gepleşikleriň geçirilmeýänligini» belledi.

«Eýýäm birnäçe ýyldan bäri üstünlikli işläp gelýän Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy gazy öndüriji we eksport ediji 15-den gowrak döwleti birleşdirýär. Emma bu halkara guramasynda bazary kadalaşdyrmak wezipesi ýok. Pikir we tehnologiýa alyşmak, bilelikdäki barlaglary, maslahatlaşmalary geçirmek, gaz bazary barada çaklamalary etmek meseleleri bar» - diýip, Nowak düşündirdi.

«Dünýäniň nebit bazary önümçili, ibermek we birža söwdalary babatda ýeterlik ösendir. Gaza bazary bolsa, heniz ýeterlik ösmedik. Suwuklandyrylan tebigy gazyň paýynyň artýandygyna garamazdan, turba geçiriji gaz ibermeleri aglaba bölegi eýeleýär. Garaşylyşy ýaly, ýakyn ýyllarda gatnaşyk 50-ä 50 görnüşde bolar. Emma bu gazyň nebit ýaly birža harydy bolup biljek derejesi däl. Mümkin şonda kadalaşdyrmak üçin sebäpler ýüze çykyp biler. Häzir bu mümkin däl» - diýip, Nowak hasaplaýar.

Nowagyň pikiriçe, Ýewropada gözegçilik edilýän energetika çökgünlikleriniň biri hem — meýilleşdirmegiň ýoklugydyr.

«Ýewrokomissiýa binýatlaýyn ýörelgelerden — pudaga uzakmöhletleýin maýa goýumlardan we spot şertnamalarynyň bähbidine uzakmöhletleýin şertnamalardan maksatlaýyn ýüz öwürýär. Ýewropa gaz iberilmegini kepilledirjek uzakmöhletleýin şertnamalar hem baglaşylmaly» - diýip Nowak belledi.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.