Hökümet mejlisinde Balkan welaýatyndaky nebitgaz kärhanalarynyň işine garaldy
10:37 28.12.2021 6335
Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Balkan welaýatynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işi hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Hususan-da, wise-premýer Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilen işler, şeýle hem şu ýylyň 20 — 22-nji dekabry aralygynda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.
Täze guýulary gurmak hem-de ozal hereket edýänlerini abatlamak, uzak wagtyň dowamynda ulanylyp gelinýän känlerden alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleriň geriminiň giňeldilendigi bellenildi. Şeýle hem nebitiň we gazyň baý gorlaryny özünde jemleýän meýdançalary ýüze çykarmak maksady bilen, gözleg-agtaryş işleri alnyp barylýar.
Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, hereket edýän guýulary abatlamak, täze guýulary burawlamak, önümli gatlaklaryň gorlaryny doly seljermek babatda degişli işler geçirilýär.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň senagat we eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, innowasion tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ulanmagyň esasynda pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen bu toplumyň ösüş maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutany nebitgaz pudagynda heniz ulanylmadyk köp sanly mümkinçiliklere wise-premýeriň ünsüni çekip, häzirki zaman halkara ölçeglerini giňden ornaşdyrmagyň hasabyna ýangyç-energetika toplumynyň dolandyryş ulgamyny düýpli özgertmegi tabşyrdy.
Umuman, bularyň ählisi pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, dünýäniň energetika bazarlarynda, şol sanda ýokary tehnologiýaly gazhimiýa önümçiliginde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam bermäge, energiýa serişdelerine artýan islegleri kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.