ÝB liderleri energiýa serişdeleriniň gymmat bahalaryny maslahatlaşdylar, umumy ylalaşyklary gazanyp bilmediler — Mişel

12:14 19.12.2021 13551

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3572/original-161bc3a5377ca3.jpeg

Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň Liderleri energiýa serişdeleriniň gymmat bahalaryny maslahatlaşdylar, emma jedeller zerarly bu mowzuk boýunça gutarnykly beýannama taýýarlap bilmediler diýip, Ýewropa geňeşiniň başlygy Şarl Mişel belledi. Muny Interfaks habar berýär.

«Biz energetika boýunça ýeterlik derejede dowamly gepleşikleri geçirdik. Bu örän wajyp tema, ol öý hojalygyna, satyn alyjylyk ukybyna, şeýle hem ýewropa işewürliginiň bäsdeşlige ukyplylygyna täsir edýär» diýip, Mmişel anna gününe geçilýän gije ÝB liderleriniň sammitiniň netijeleri boýunça metbugat maslahatynyň barşynda belledi.

«Geňeşmeleriň barşynda dürli garaýyşlar beýan edildi, şonuň üçin hem biz bu temadan gutarnykly netijeler boýunça ylalaşyk gazanyp bilmedik» - diýip ol beýan etdi.

Ýewrogeňeşde energetikany kadalaşdyrýan (ACER) Edaralaryň hyzmatdaşlygy boýunça agentlik we Gymmatly kagyzlar we howplar boýunça Ýewropa gullugy (ESMA) tarapyndan taýýarlanylan deslapky hasabatlaryň netijesinde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň ýakynda üýtgemegini maslahatlaşmalydy.

Hususan-da, sammite gatnaşyjylar ýewropanyň nebit serişdeleri bazarynda baha oýnatmalaryň barlygyny ýa ýoklugyny maslahatlaşmakçydylar.

Şol bir wagtda, Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy penşenbe güni agşam müň kub metri üçin 1700 dollardan geçdi.

Täzelenen howa çaklamasy Ýewropada geljek hepdäniň başyndan sowuk howany wada edýär: tutuş hepde temperaturanyň peselmegine garaşylýar.

«Demirgazyk akymy 2» gaz geçirijisi boýunça «mawy ýangyjyň» ibermeleriniň mundan beýläkki saklanylmagy hakyndaky täzelik hem gazyň bahalarynyň mundan beýläkki ösüşine täsir etmegi hem ahmal. Penşenbe güni  Bundesnetzagentur german Federal tor agentliginiň ýolbaşçysy «Demirgazyk akymy 2» gaz geçirijisiniň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda şahadatnamalaşdyrylmagyna garaşyp oturmaly däldigini belledi. Onuň pikiriçe, bu proses has köp wagt alar.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.