Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metri üçin 1550 dollara bardy

09:41 17.12.2021 12900

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3559/original-161bae735d28fb.jpeg

Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň gowşak goşandy, bäsdeşlik edýän bazarlarda bahalaryň ýokarlanmagy we sebitde öň çaklanylyşyndan has sowuk howa garaşylmagy netijesinde Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy çarşenbe güni, 15-nji dekabrda söwdalaryň açylmagy bilen ýokarlanmagyny dowam etdi diýip, Interfaks belleýär.

Çarşenbe güni TTF-niň ýanwardaky fýuçersleriniň bahasy ICE Futures biržasynda MWt/sag-yna 132,995 ýewro, ýagny bir müň kub metri üçin 1550 dollara bardy. Noýabrda şertnamalar ortaça 945 dollardan, dekabrda – 1182 dollardan satylýardy. Ýylyň başyndan bäri şertnamanyň ortaça derejesi 518 dollar artdy.

Ýewropada energiýanyň dikeldilýän çeşmelerinden elektrik energiýasynyň önümçiligi güýçli gowşady. Duşenbe güni Ýewropada elektrik energiýasynyň işlenip çykarylmagynda ýel generasiýasynyň goşandy bary-ýogy 10,1%, sişenbe güni bolsa 9,9% (6-12-nji dekabr hepdesinde ortaça 15,6% bolupdy) boldy. Muňa WindEurope assosiasiýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär.

Ýewropanyň ýerasty ammarlarynda gazyň häzirki ätiýaçlyk gorlary maksimal sygymlylygynyň 61,9%-ine ýetdi  bu soňky bäş ýyl üçin ortaça görkezijiden 16,8 göterim aşakdyr. Muňa Gas Infrastructure Europe-yň maglumatlary şaýatlyk edýär.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.