OPEC gaznasy Türkmenistana 45 million dollar karz bermekligi tassyklady
09:40 17.12.2021 6739
OPEC Halkara ösüş gaznasy (OPEC gaznasy) tutuş dünýä boýunça durnukly ösüş üçin 352 million dollar möçberinde serişde bölüp bermegi göz öňünde tutýar. Şolardan 45 million ABŞ dollary möçberinde karz serişdesi Türkmenistana bölünip berler. Bu barada degişli çözgüt gaznanyň dolandyryjylar geňeşiniň 178-nji mejlisinde kabul edildi.
OPEC gaznasynyň täze maliýeleşdirmek başlangyjy 10 döwletde, şol sanda Türkmenistanda hem döwlet pudaklaryndaky taslamalary goldamakdan ybaratdyr. Gazna Türkmenistanyň “Söwda deňiz floty” taslamasy üçin 45 million dollar möçberinde karz maliýe serişdelerini bölüp berer.
Türkmenistan üçin göz öňünde tutulan taslamanyň çäklerinde demirýol, ýolagçy we gury ýükleri daşamak üçin 3 sany täze gämileri gurmak meýilleşdirilýär. Täze gämileriň ulanmaga taýýar edilmegi bilen Hazar deňzindäki Türkmenbaşy halkara deňiz portundan peýdalanmagyň mümkinçiligi has-da artar. Türkmenbaşy halkara deňiz porty Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolup, ýurduň iň uly portudyr.
Taslama şol bir wagtda gämigurluşyk we abatlamak boýunça işgärleriň okadylmagy arkaly tehnologiýanyň hem berilmegi hem göz öňünde tutulýar. Bu taslama söwda-ykdysady iňjeňligi artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem täze uçurymlar üçin iş orunlarynyň döremegine kömek eder.
OPEC gaznasy agza döwletlerden gurama agza bolmadyk döwletlere maliýeleşdirme goldawyny berýän ählumumy ygtyýarlyklary bolan ösüş ulgamyndaky ýeke-täk guramadyr.
OPEC guramasyna agza döwletler tarapyndan 1976-njy ýylda döredilen OPEK gaznasy 125 ýurtda dürli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin 22 milliard dollar maliýe serişdelerini bölüp berdi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.