Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenilip geçildi

10:26 15.12.2021 9946

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3536/original-161b83bf8eefba.jpeg

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 26 ýyllygy bellenilip geçildi.

Baýramçylyk gününiň dynç gününe düşýändigi zerarly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji dekabrdaky dynç gününi 13-nji dekabrda geçirmek hakynda resminama gol çekdi.

Öňküsi gün Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahat geçirildi. Aşgabada çagyrylan belent mertebeli myhmanlaryň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýolbaşçylary we beýlekiler bar.

Ýekşenbe güni forumyň delegatlary we hormatly myhmanlary Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Dabarany Gurbanguly Berdimuhamedow açdy.

Döwlet Baştutany Kabul ediş merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabara guraldy. Türkmen Lideri her bir adamyň şanly senäni mynasyp garşylamak maksady bilen, oňa özboluşly sowgatly gelýändigini aýdyp, özüniň hem bu baýramçylyga bagyşlap täze goşgy ýazandygyny, ony “Ýaşasyn parahat durmuş!” diýip atlandyrandygyny belledi.

Baýramçylyk konsertiniň dowamynda döwlet işinden boş wagtlary çeper döredijilik bilen meşgullanýan Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden aýdymynyň ýaňlanmagy bu ýerde guralan dabaranyň ähmiýetini artdyrdy. Milli sungat eserleriniň naýbaşylarynyň birine öwrülen bu aýdym baýramçylyk konsertine gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.