Nebitgaz toplumynyň kärhanalary Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli açylan ikinji wirtual sergä gatnaşýar
19:52 10.12.2021 14693
Penşenbe güni Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryna bagyşlanan wirtual sergi açyldy. Bu dabaraly çäreler Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
Bu ýerde oturdylan monitorlarda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iri kärhanalarynyň, ýörite internet saýtlarynyň sahypalarynda ýerleşdirilen statistik maglumatlar bu düzümleriň ýeten derejesi, ýurdumyzyň ägirt uly eksport mümkinçilikleri we uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüşi baradaky şekiller görkezildi.
Sergä şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz toplumynyň kärhanalary hem gatnaşýar. Şol sanda sergide «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň diwarlyklary görkezildi. Olaryň diwarlyklaryna girip, bu kärhanalaryň işi barada gürrüň berýän prezentasiýalary ýükläp alyp bolýar.
Wirtual serginiň artykmaçlygy internet ulanyjylarynyň hasaba durmazdan, ýörite salgy boýunça her eksponat bilen ýakyndan tanşyp bilmek mümkinçiligidir.
Serginiň wirtual salgysy (virtualexpo.gov.tm) boýunça girip, üç diliň birinde (türkmen, iňlis, rus) 3D formatda sergilikleri synlap bolýar.
Her bir diwarlyk önüm we hyzmatlar barada doly maglumaty özünde saklaýar: wideoşekil, maglumat beriji buklet we eksponentiň maglumatlary.
Sergä jemi 50-den gowrak edara gatnaşýar. Serginiň umumy meýdany — 2304 inedördül metr.
Wirtual sergä bir aýyň dowamynda gatnaşyp bolar.
Geçen ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda ilkinji wirtual sergi geçirildi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.