Türkmenistanda ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin Maksatnama kabul edildi
10:36 07.12.2021 14233
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin degişli Maksatnamany, şeýle hem bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklandy. Bu resminama ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde çap edildi.
Degişli resminamanyň taslamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda hödürledi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu Maksatnamada milli ykdysadyýetimiziň köpugurly hem-de durnukly ösüşini saklamak, önümçilik kuwwatlyklaryny doly peýdalanmak, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Şunuň bilen birlikde, kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawyny bermek, daşary ýurt maýa serişdelerini çekmek, ilatyň durmuş üpjünçiligini pugtalandyrmak hem-de ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça zerur çäreler göz öňünde tutuldy.
Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maksatnamada bellenilen çäreleriň öz wagtynda durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ýaramaz täsirini peseltmek maksady bilen, toplumlaýyn işleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, hödürlenen Karara gol çekdi. Döwlet Baştutany resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli ýolbaşçylara kesgitlenen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna hem-de ygtyýarly karz edaralaryna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň berlen karz serişdelerinden 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä gaýtarylman galan galyndylarynyň, şeýle hem geçen döwürde hasaplanyp tölenilmedik göterim tölegleriniň tölenilmeli möhletlerini 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli gaýra süýşürmäge ygtyýar berildi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.