Türkmenistanyň Prezidenti «Lukoýl-yň» ýolbaşçysy bilen Hazaryň ýataklaryny özleşdirmegiň geljegini maslahatlaşdy

09:22 01.12.2021 7542

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3456/original-161a5b4e6b5fd5.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Taraplar Hazar sebitiniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwlet Baştutany “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen öňden gelýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň bu pudaga innowasion häsiýetli, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary we ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady, bu ugurda Russiýanyň iri kompaniýasy oňyn tejribe toplady.

Işewür hormatly Prezidentimizi “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň häzirki wagtda ýurdumyzda alyp barýan işleri hem-de Hazar giňişliginde bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek boýunça taýýarlanylan teklipler bilen tanyşdyryp, bildirilýän ynam üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we russiýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli pudaklaýyn maksatnamalara işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassyklady.

Başga makalalar
164f876a934033.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


164f970bf2995e.jpg
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar

TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.


164f97116c9b62.jpg
Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi

4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


164fb17f25918b.jpg
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


164f6d633d4134.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE-niň we Owganystanyň kompaniýalary nebitgaz toplumynyň önümlerini aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 89-sy hasaba alyndy.