TNGIZT-niň we «Türkmengazyň» önümleri — TDHÇMB-niň söwdalarynda öňdeligi eýeleýär
11:25 24.11.2021 5985
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Maltanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürt we suwuklandyrylan gaz Türkiýäniň, BAE-niň we Owganystanyň işewürleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Bulardan başga-da, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 134 müň dollaryndan gowrak boldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri el halylaryny we ýüpek çig malyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 13 million 82 müň manatlykdan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 9 million 315 müň manatlykdan gowrak «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen kondisiýasyz polietileni, el halylaryny, PET-gaplaýjy lentalary satyn aldylar.
Türkmenistan ulag, energetika, innowasiýa ulgamlarynda Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegi teklip edýär
17-nji iýunda Astanada “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky ikinji sammitinde eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ulag, energetika, innowasiýa ulgamlarynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegi teklip edýär.
Fitch ýakyn ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
Fitch Ratings halkara reýting agentligi ýakyn wagt üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy. Muňa Global Economic Outlook-yň (GEO) dekabrdaky hasabaty şaýatlyk edýär diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol dereje ösüşi boýunça ählumumy strategiýany işläp düzmegi teklip edýär
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda 2030-njy ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol dereje ösüşi boýunça ählumumy strategiýany işläp düzmek we bu mesele boýunça Halkara forumy kabul etmek teklibi bilen çykyş eder.
Nebit gymmatlaýar, «Brent» 76,42 dollara ýetdi
COVID-19-yň «omikron» ştammynyň ýaýramagynyň, ilkibaşda garaşylyşy ýaly, dünýä ykdysadyýetine o diýen agyr zyýan ýetirmejekdigi baradaky maglumatlardan soň, nebitiň bahalary penşenbe güni ýene-de ýokarlanyp başlady diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda ygtybarly energetiki ykjamlyk hakynda Kararnamany kabul etmegi teklip eder
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda durnukly hem ygtybarly energetika ykjamlygy hakynda Kararnama kabul etmek başlangyjy bilen çykyş eder. Bu teklip Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.