Nebitiň bahasy oktýabryň başyndan bäri iň aşak çäkde, Brentiň barreli — 80 dollar

09:35 19.11.2021 5797

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3367/original-16195fc8fb16ac.jpeg

Nebitiň bahasy çarşenbe güni söwdalaryň ýapylmagy bilen oktýabryň başyndan bäri iň aşak çäklere düşdi we arzanlamagyny dowam edýär.

Nebit bazary ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň strategiki ätiýaçlyklardan nebit satmak mümkinçiligine garaýandygy baradaky habardan täsirlenmegini dowam edýär. Şol bir wagtda HHR-niň Başlygy Si Szinpin bilen wirtual sammitiň dowamynda Hytaý tarapyndan hem bu hili çäreleriň mümkinligi maslahatlaşyldy diýip, Interfaks habar berýär.

Hatda geçen hepdede ABŞ-nyň nebit ätiýaçlyklarynyň peselendigi baradaky habar hem nebit bazaryna goldaw bermedi diýip, MarketWatch belleýär.

Brent nebitiniň ýanwardaky fýuçersleri Londonyň ICE Futures biržasynda 0,35% arzanlap, 80 dollara bardy. Çarşenbe güni olaryň bahalary 2,6% aşaklap, söwdalaryň ýapylyşynda 80,28 dollara deň boldy. Bu görkeziji 7-nji oktýabrdan bäri iň aşak netijedir.

WTI-niň bahalary Nýu-Ýorkuň elektron söwdalar biržasynda 0,86% aşaklap, 77,69 dollara deň bolupdy. Söwdalaryň netijeleri boýunça onuň bahalary 3% aşaklap, 78,35 dollara bardy. Bu görkeziji hem 1-nji oktýabrdan bäri iň aşak görkezijidir.

ABŞ-da nebit ätiýaçlyklary geçen hepdede 2,1 mln barrel azalyp — 433 mln barrele deň boldy diýip, ýurduň energetika ministrligi habar berýär. Benzin ätiýaçlyklary 707 müň barrele, distillýatlar – 824 müň barrele çenli azaldy.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.