Türkmenistanyň Baş konsuly Tatarystanda «Tatneftiň» desgalaryna baryp gördi
16:31 19.11.2021 12830
Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Atadurdy Baýramow Tatarystan Respublikasynyň Almetýewsk şäherindäki «Tatneft» jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň desgalaryna baryp gördi diýip, «Tatneftiň» saýty habar berýär.
Baş konsul kompaniýanyň Modeller merkeziniň işi hem-de nebit ýataklary üçin geologiki we gidrodinamiki modelleri döretmekdäki mümkinçilikleri bilen tanyşdy.
Baş konsul saparyň barşynda Almetiýewsk Döwlet nebit institutynyň (AGNI) täze ylmy-barlag kampusynyň gurluşygyna baryp gördi, bu institutda bilim alýan Türkmenistanyň talyplary bilen duşuşdy.
Atadurdy Baýramowa nebit çykarýan we nebiti gaýtadan işleýän pudaklar üçin hünärmenleriň hünär kämilligini ýokarlandyrmaklygy amala aşyrýan «Tatneftiň» Korporatiw uniwersitet görkezildi. Saparyň dowamynda kompaniýanyň baş müdiri Nail Maganow bilen hem duşuşyk geçirildi.
Goturdepe ýatagynda nebit we gaz öndürmek boýunça “Tatneft” kompaniýasy bilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň arasyndaky hyzmatdaşlyk 10 ýyldan bäri dowam edip gelýär. Hyzmat şertnamasynyň çäginde kompaniýanyň hünärmenleri Goturdepe ýatagynyň guýularynda nebitiň çykarylyşyny ýokarlandyrmak üçin önümçilik maksatnamasyny durmuşa geçirýärler.
Bellenilişi ýaly, amala aşyrylan geologiki we tehniki işleriň netijesinde ýatakda nebitiň önümçiliginiň 18% ýokarlanmagy gazanyldy. Noýabr aýynyň başyna çenli 197 guýuda geçirilen geologiki we tehniki işler goşmaça 400 müň tonnadan gowrak nebit öndürmäge we 700-den gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berdi.
Duşuşygyň barşynda Baýramow bilen Maganow “Tatneft” kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan Türkmenistanyň ýataklarynda nebit önümçiliginiň iki esse artmagyna mümkinçilik berýän özara peýdaly hyzmatdaşlygyň strategiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Almetiýewsk Döwlet nebit institutynda (AGNI) geologiki we gidrodinamiki modellemek boýunça magistr programmasy boýunça Türkmenistandan gelen talyplary taýýarlamak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.