YHG agza döwletleriň işewürler forumy 26-njy noýabrda Aşgabatda geçiriler
11:04 17.11.2021 13722
Aşgabatda 26-njy noýabrda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň işewürler forumy geçiriler diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň saýty habar berýär.
Forumy guraýjylar bolup Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, YHG-nyň Sekretariaty we YHG-nyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär.
Foruma YHG sebitiniň ugurdaş ministrlikleriň we edaralaryň, milli söwda-senagat edaralarynyň, bank we maliýe edaralarynyň, döwlet we hususy kärhanalaryň, kompaniýalaryň wekilleri gatnaşar.
Forumyň plenar mejlisi «YHG agza döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we işjeňleşdirmek» mowzugyna bagyşlanar.
«Gümrük hyzmatlary we salgyt salmak ulgamynda hyzmatdaşlyk, sanly söwda we YHG sebitinde e-kommersiýa» mejlisinde döwlet we hususy toplumyň, bank we maliýe edaralarynyň wekilleri çykyş eder.
«YHG sebitinde ulag-logistika hyzmatlaryny ösdürmek» mejlisinde ulag we logistika boýunça döwlet hem-de hususy taraplaryň wekilleri gatnaşar.
Şeýle hem forumyň çäklerinde nebit we gaz, himiýa, oba hojalygy, azyk senagaty we dokma toplumy, söwda toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.
Forum garyşyk görnüşde geçiriler, oňa onlaýn usulda hem gatnaşyp bolar.
YHG 1985-nji ýylda döredilip, 10 döwleti — Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Türkmenistan, Türkiýe, Täjigistan we Özbegistan ýaly döwletleri birleşdirýär.
YHG agza döwletleriň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry ulag-kommunikasiýa toplumydyr.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.