Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşini energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmäge çagyrdy
10:23 16.11.2021 6885
Türkmenistan ykdysady we söwda gatnaşyklaryny yzygiderli hem-de belli bir maksada gönükdirip pugtalandyrmagy hyzmatdaşlyk etmegiň örän möhüm ileri tutulýan ugry hökmünde garaýar. Gürrüň, ozaly bilen, energetika we ulag ulgamlary ýaly strategik ugurlar barada barýar.
Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimyhamedow Stambulda geçen anna güni geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitinde eden çykyşynda aýtdy.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, biziň döwletlerimiziň kuwwatyny birleşdirmek, serişde, geografik, önümçilik we tehnologik mümkinçiliklerimizi peýdalanmak diňe bir milli ykdysadyýetlerimizi ösdürmäge güýçli ýardam bermän, eýsem, Ýewraziýada tutuş geoykdysady düzüme hem düýbünden başga mazmun we häsiýet berer.
Gürrüň, ozaly bilen, energetika we ulag ulgamlary ýaly strategik ugurlar barada barýar.
Çünki türki dilli döwletler Aziýany hem-de Ýewropany berk we durnukly ulagdyr energetika ulgamlary arkaly birleşdirjek Ýewraziýa giňişliginde tebigy halkany emele getirýär. Şeýle ulgamlary döretmekde biziň ýurtlarymyz möhüm orny eýelemäge ukyplydyr. Bu Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça iri Aziýa, Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna energiýa serişdelerini, harytlary ibermegiňdir hyzmatlary etmegiň gysga, ygtybarly, howpsuz ýoly bolup durýar.
Şu babatda Hazar sebitinden Türkiýä, ondan aňryk Ýewropa energiýa ulgamlaryny, Beýik Ýüpek ýoluny dikeldýän üstaşyr logistik geçelgeleri gurmagyň taslamalary göz öňünde tutulýar.
Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň şu ugruny güýçlendirmegiň, türki dilli döwletleriň oýlanyşykly bitewi strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegiň, şonuň esasynda ylalaşylan ulag we energetika diplomatiýasyny alyp barmagyň zerurdygyny belledi.
Türkmen Lideri bu ugurda ýöriteleşdirilen halkara düzümler, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýalary bilen bilelikdäki işleri güýçlendirmegi hem-de Yslam ösüş banky we Aziýanyň ösüş banky ýaly maliýe edaralaryny çekmek bilen, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge başlamagy teklip etdi.
Sammitiň jemleri boýunça üçünji ýurtlar we edaralar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň şertlerini kesgitlemek, Türki maýa goýum gaznasyny döretmek we 2040-njy ýyla çenli türki dünýäniň maksatnamasyny tassyklamak, Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy derejede girmegi boýunça kararlar kabul edildi.
Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitiniň netijeleri boýunça Stambul jarnamasyna hem-de birnäçe kararnamalara gol çekildi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.