Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň deputatlary 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanuny maslahatlaşdylar
17:01 14.11.2021 14682
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisinde deputatlar 2022-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda Kanuny maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew mejlisiň gün tertibi barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
K.Babaýewiň belleýşi ýaly, gün tertibe “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hakynda, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, döwlet emlägini, ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak, hyzmatlar ulgamyny ösdürmek, daşky gurşawy goramak, hojalyk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, telekeçilik başlangyçlaryny we ýurdumyzyň halkara ähmiýetli başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak meselelerini öz içine alýan kanunlar girizildi.
Bu kanunlar Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň şu ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirilen 15-nji maslahatynda kabul edildi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar
3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy “Merkezi Aziýa-ÝB” sammitiniň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdiler
3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.