Türkmenistan 9 aýda Özbegistana 127 mln litr awtomobil benzinini eksport etdi

10:08 12.11.2021 14082

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3318/original-1618cbfb6f043d.jpeg

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Özbegistana 126,8 million litr benzin eksport etdi. Bu barada Özbegistanyň Döwlet statistika komiteti duşenbe güni habar berdi. Umuman, şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda Özbegistan 289 million litrden gowrak benzin import etdi. Bu ýangyçlaryň umumy bahasy 104 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan Özbegistana awtomobil benzinini eksport etmekde ikinji orunda durýar. Bellenilen döwürde satyn alnan awtobenziniň umumy möçberiniň 34%-i türkmen benzininiň paýyna düşýär.

Bu babatda birinji orun Russiýa degişlidir (140,5 million litr). Umumy möçberiň 48,6%-ine barabar.

Özbegistana ýangyç eksport eden döwletleriň hataryna Türkmenistandan soňra Gazagystan (16 million litr) we Yrak (3,6 million litr) girýär.

Şeýlelik bilen, benziniň importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 137 litr ýokarlandy.

Öň habar berlişi ýaly, geçen ýyl Özbek respublikan haryt-çig mal biržasynda ECO-93 söwda belgili türkmen benzini satylyp başlandy.

Tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benziniň önümçiligi Türkmenistanda Ahal welaýatyndaky täze zawodda amala aşyrylýar. Zawod 2019-njy ýylyň iýun aýynda işe girizildi.

Türkmenistan Döwlet haryt-çig mal birasynyň üsti bilen öz nebit önümlerini Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlaryna, Ýakyn Gündogara, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitlerine satýar.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.