Türkmenistan Awstriýanyň kompaniýalaryna gazhimiýa ulgamyndaky taslamalara gatnaşmagy teklip edýär
09:43 11.11.2021 7371
Türkmenistan tebigy gazy has çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek üçin täze kuwwatlyklary gurmak boýunça tasllamalary durmuşa geçirmeklige we maliýeleşdirmeklige Awstriýanyň kompaniýalaryny çekmeklige gyzyklanma bildirýär. Bu barada «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy Nyýazly Nyýazlyýew Awstriýanyň daşary işler ministri Mihael Linhartyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana glen wekiliýet bilen geçiren duşuşygynda belledi.
«Türkmenhimiýanyň» başlygynyň bellemegine görä, uzakmöhletleýin döwlet maksatnamalarynyň çäginde Türkmenistanda «mawy ýangyjy» has çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek, azot we fosfor dökünlerini, ýod-brom önümlerini, kaustik sodasyny we hlory öndürmek, Garabogaz aýlagynyň gidromineral serişdelerini toplumlaýyn özleşdirmek boýunça täze kuwwatlyklary gurmakda birnäçe ileri tutulýan taslamalar bar.
N.Nyýazlyýewiň belleýşi ýaly, ägirt uly eksport kuwwatlyklara eýe bolan Türkmenistan Awstriýa «Türkmenhimiýada» öndürilen ýokary hilli himiýa önümlerini ibermäge ukyplydyr. Şol sanda — polietilen we polipropilen, ECO-93 ekologiýa taýdan arassa benzin, granulirlenen karbamid, hlorly kaliý, tehniki ýod we uglerod.
— Öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän açyk maýa goýum syýasaty daşary ýurtly maýadarlara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny sdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar — diýip Nyýazlyýew belledi.
Onuň şeýle hem belleýşi ýaly, 2010-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek üçin 2010-njy ýyldan bäri 8,4 mlrd dollar gönükdirildi. Diňe mineral dökünlerini öndürmek boýunça önümçilik kuwwatlyklarynyň jemi möçberi bu döwürde 3 esseden gowrak artdyryldy.
Soňky on ýylda Türkmenistanda Mary we Garabogaz şäherlerinde döwrebap täze ammiak-karbamid toplumlary, Garlyk kaliý dag magdan toplumy, Gyýanlyda polimer zawody, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawod we beýlekiler işe girizildi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.