Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Awstriýa bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
09:44 11.11.2021 10224
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen Awstriýanyň işewürler topary bilen geçirilen duşuşykda işjeň özara hereketleri mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
«Iki ýurduň hususy pudaklarynyň wekilleriniň arasynda energetika, ulag we logistika, ýeňil senagat, söwda we ykdysadyýet, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş we farmasewtika, şeýle-de beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça işjeň özara hereketleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi» diýlip habarda aýdylýar.
Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, nobatdaky işewürlik duşuşygynyň çäklerinde şeýle-de Türkmenistanyň we Awstriýanyň döwlet hem-de hususy ulgamynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar hem guraldy. Taraplaryň arasynda önjeýli hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ähmiýetli ylalaşyklar gazanyldy.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar
3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň döwlet ministri ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini bellediler
2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.