Türkmenistanyň Prezidenti we Awstriýanyň DIM-niň ýolbaşçysy söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde mümkinçilikleri bellediler

09:47 11.11.2021 6342

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3312/original-1618b651c0e77c.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linhartyň arasynda geçirilen gepleşiklerde döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň işine hem-de işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklara möhüm orun degişlidir.

Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň — BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki guramalaryň, şol sanda soňky ýyllarda has işjeň häsiýete eýe bolan Ýewropa Bileleşiginiň çäginde üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

Awstriýanyň we tutuş Ýewropa işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga çalyşýandygy nygtaldy. Bu ýerde işewürleriň netijeli işlemegi üçin amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi. Awstriýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň ýurdumyza sapary wagtynda ýanynda bolýan wekiliýetiň giň düzümi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Senagat, energetika, ulag we ykdysadyýetiň beýleki ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.