Özbegistan aşa sowuk howa bolan ýagdaýynda gazy import edip biler — Energetika ministrligi

10:20 10.11.2021 13633

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3303/original-1618a1d31a041c.jpeg

Özbegistanda gyş möwsüminde aşa sowuk howa bolan ýagdaýynda islegiň birbada artýan döwründe tebigy gazyň import edilip bilinjekdigini belleýär. Bu barada Interfaks ýurduň Energetika ministrliginiň Metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

«Aşa sowuk howada hem-de öz serişdelerimiziň ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda ilaty we durmuş taýdan möhüm desgalary üpjün etmek maksady bilen daşary ýurtlardan gaz satyn alynmagy mümkin» diýlip habarda aýdylýar.

Energetika ministrliginiň maglumatlaryna görä, häzirki güýz-gyş möwsüminde içerki sarp edijilere 32,622 mlrd kub metr tebigy gaz ibermek meýilleşdirilýär, ýerasty gaz ammarlaryna 3 mlrd kub metrden gowrak gaz toplanyldy.

Edarada bellemeklerine görä, howanyň temperaturasynyň birden aşaklan ýagdaýynda, kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, möwsümleýin sarp edijiler energiýanyň dikeldilýän çeşmelerine geçmeli, gazyň ulanylman galan möçberleri bolsa durmuş ulgamynyň, strategik ähmiýetli desgalaryň we ilatyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin goşmaça iberiler.

Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, ýurtda tebigy gazyň çykarylyşy 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 2020-nji ýylda 17,8% — 49,739 mlrd kub metre çenli azaldy. Onuň eksporty baha aňlatmasynda 4,7 esse peseldi — 478,1 mln dollar, importy bolsa asla amala aşyrylmady diýen ýaly — 50,4 mln dollar.

Özbegistanyň gaz çykaryjy kuwwatlyklary häzirki wagtda tebigy gazyň çykarylyşyny 70 mlrd kub metr möçberinde çykarmaga mümkinçilik berýär. Muňa garamazdan, ätiýaçlyklaryň azalmagy we tehnologik ýitgiler zerarly soňky 15 ýylda uglewodorodlaryň önümçiligi düýpli aşaklady.

Belläp geçsek, öň Özbegistan Russiýanyň üsti bilen Türkmenistandan tebigy gaz satyn alypdy. «Gazprom» obligasiýalarynyň iýundaky hasabatlaryna we Ähtnamalaryna laýyklykda, 2020-nji ýylda Özbegistan rus kompaniýasynyň üsti bilen 0,9 mlrd kub metr türkmen tebigy gazyny satyn aldy. 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde bolsa — 1,5 mlrd kub metr gaz aldy.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.