Türkmenistan uzak geljekde bug gazlarynyň zyňyndylaryny düýpli peseltmegi meýilleşdirýärler
09:26 05.11.2021 7281
Türkmenistan ortageljekde bug gazlarynyň zyňylmasynyň nol ösüşini gazanmaklygy, uzak möhletli geljekde bolsa – her ýyl zyňylmalaryň ähmiýetli derejede azaldylmagyny maksat edinýär. Bu barada BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna gatnaşyjylaryň Glazgo şäherinde geçirilýän maslahatynyň (COP26) 26-njy mejlisinde eden çykyşynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow belledi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
S.Berdimuhamedow Türkmenistanyň öz hususy serişdeleriniň, şeýle-de halkara guramalarynyň hem-de maliýe institutlarynyň tehniki we maliýe goldawynyň hasabyna orta möhletli geljekde, 2030-njy ýyldan başlap bug gazlarynyň zyňylmasynyň nol ösüşini gazanmaklygy, uzak möhletli geljekde bolsa – her ýyl zyňylmalaryň ähmiýetli derejede azaldylmagyny maksat edinýändigini belläp geçdi.
Wise-premýer ählumumy Durnukly Ösüş Maksatlarynyň kabul edilmeginden soňra, Türkmenistanyň milli hem-de halkara derejede olaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda işjeň hereketleri durmuşa geçirýändigini belledi.
Bu ugurda Türkmenistanyň Milli derejedäki Kesgitli Goýumy (NDC) 2030-njy ýyla çenli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda bug gazlarynyň zyňylmalarynyň azaldylmagy boýunça ýurduň ýokary ähmiýetli maksatlarynyň tassyklamasy bolup durýandyr. S.Berdimuhamedow: «Döwletimiziň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna bug gazlarynyň zyňylmalarynyň göwrümi görnetin ýagdaýda peselýär», diýip aýtdy.
Howanyň üýtgemegine garşy hereketleriň gün tertibinde göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek üçin, Türkmenistanda milli derejede metanyň zyňylmalarynyň azaldylmagyna aýratyn üns berilýär. «Bu ugurda biz Ählumumy Metan Borçnamalary boýunça täze başlangyçlary goldaýarys hem-de oňa doly derejede mümkingadar gatnaşmak maksady bilen, onuň jikme-jik öwrenilmegine gyzyklanma bildirýäris» diýip, wise-premýer beýan etdi.
Özüniň milli kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek arkaly, Türkmenistan howanyň üýtgemeginiň bitaraplygynyň gazanylmagyna ähmiýetli goşandyny goşýar. Şunlukda, Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa, 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa hem-de «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň täze Kanuny kabul edildi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.