«Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy bilen Türkmenistanda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça şertnama gol çekildi

16:25 31.10.2021 9163

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3224/original-1617b82a9745b6.jpeg

27-28-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021» XXVI Halkara maslahatynyň çäklerinde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy we «Yug-Neftegaz Private Limited» (Singapur) kompaniýasy Türkmenistanyň günbatarynda Goturdepe nebitgaz käniniň gündogar böleginde we Günorta Burun etraplarynda 3D we 2D barlaglaryny geçirmek üçin şertnama gol çekdiler.

Hünärmenleriň bahalandyrmalaryna görä, bu şertnama uglewodorodlaryň geologiýa gorlaryny artdyrmaga we ýurtda nebit çykarylyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu bolsa, öz gezeginde, daşary ýurt kompaniýalary bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berer.

«Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy — Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy. Kompaniýa bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk eýýäm 15 ýyl dowam edip gelýär.

2020-nji ýylda «Yug-Neftegaz Private Limited» Gündogar Goturdepe käninde 3D we 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek maksady bilen “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen şertnama gol çekdi.

Şu ýylyň sentýabr aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminamada “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň bu kompaniýa bilen tebigy uglewodorod käniniň gündogar böleginde 3D, şeýle hem “Günorta Burun” meýdançasynda 2D gözleg-barlag işlerini ýerine ýetirmek boýunça şertnama baglaşmagy göz öňünde tutulýar.

Bu kompaniýanyň «Türkmengeologiýa» bilen gol çekişen birinji şertnamasy däl. Geçen ýyllarda Yug-Neftegaz Private Limited Goturdepe we Barsagelmez känleriniň 3D seýsmiki surat boýunça geofiziki barlag işlerini, şeýle hem Darja ýarym adasy etraplarynda 2D seýsmiki surat işlerini geçirdi.

Yug-Neftegaz Private Limited Türkmenistandaky işini 2007-nji ýylda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen synag şertnamasyndan başlady. Onuň ýerine ýetirilmeginiň netijeleri boýunça taraplar «Türkmennebit» DK-nyň känlerinde nebit guýularynyň öndürijiligini ýokarlandyrmaklygy we düýpli abatlamaklygy göz öňünde tutýan täze şertnama gol çekdiler. 2011-nji ýyla çenli döwürde 138 sany guýu-barlaglary geçirildi, bu bolsa 270 müň tonna goşmaça nebit çykarmaga mümkinçilik berdi.

«Türkmennebit» bilen 2011-nji ýylyň maýynda baglaşylan beýleki şertnama laýyklykda, 2018-nji ýyla çenli döwürde düýpli abatlaýyş we nebit guýularynyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işler geçirildi, şeýle hem konserniň känleriniňhereketsiz ýatan gorunyň guýularyny dikeltmek işlerini geçirdi.

2018-nji ýylyň noýabrynda Yug-Neftegaz Private Limited we «Türkmennebit» bu şertnama goşmaça ylalaşyga gol çekdiler. BU ylalaşyk onuň hereket ediş möhletini 19 ýyla çenli uzaldýar we kompaniýa tarapyndan hödürlenilýän hyzmatlaryň gerimini giňeldýär. Onuň hataryna Demirgazyk Goturdepe ýatagyndaky çuňlugy 4500-5500 m bolan 60 sany dik, ýapgyt we kese guýy girýär. 2021-nji ýylyň 1-nji martyna çenli ýagdaýa görä, şertnama boýunça 1786 operasiýa geçirildi we 2,93 mln tonnadan gowrak nebit çykaryldy.

2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Yug-Neftegaz Private Limited «Türkmennebit» DK bilen bilelikde Demirgazyk Goturdepe ýatagynda çuňlugy 4660 metr bolan №327 nebit guýusyny ulanyşa berdi, onuň debiti günde 1000 barrele deň boldy. Häzirki wagtda kompaniýa bu ýatakda ýene-de üç sany guýyny burawlamak, şeýle hem täze guýulary burawlamak üçin 3 sany buraw meýdançasyny taýýarlamak işini dowam edýär.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.