«OGT-2021» bilen «Expo Dubai 2020-niň» gatnaşyjylarynyň arasynda teleköpri geçirildi

16:21 31.10.2021 6329

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3223/original-1617aa2f3573e8.jpeg

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021» XXVI Halkara maslahatynyň ikinji ýarymynda «Expo Dubai 2020» Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň arasynda teleköpri guraldy. Oňa gatnaşyjylar häzirki döwrüň ileri tutulýan meseleleriniň biri bolan — tebigy gazy we energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak arkaly pes uglerodly geljege geçmek meselesini maslahatlaşdylar.

Teleköpriniň moderatory hökmünde «TAPI Pipeline Company Limited-iň» ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow çykyş etdi.

BAE-den Aşgabatdaky maslahata Dragon Oil-iň baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jawran we Türkmenistanyň Dubaýdaky ilçisi S.Garajaýew goşuldy.

Onlaýn mejlisiň dowamynda şeýle hem Beýik Britaniýanyň premýer-ministriniň Türkmenistandaky söwda ilçisi baronessa Emma Nikolsonyň we Dragon Oil-iň aktiwleriniň baş dolandyryjysy Farid Al-Haşminiň wideoýüzlenmesi diňlenildi. Olarda kompaniýanyň Türkmenistandaky işine syn berildi.

Türkmenistanyň möhüm energetika taslamalary teleköprä gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Bu taslamalar zyýanly zyňyndylaryň azaldylmagyna düýpli goşant goşup biler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslama gatnaşyjy döwletleriň ösüp barýan ykdysadyýetini arzan hem ekologik energiýa bilen üpjün edip biljekdigi, resmi Aşgabadyň wodorod energetikasy ulgamyndaky başlangyçlarynyň bolsa pes uglerodly geljege geçişi tizleşdirjekdigi nygtaldy.

Şeýle hem ýel generatorlarynyň we Gün batareýalarynyň bahasynyň aşaklamagy, olaryň tehniki taýdan kämilleşdirilmegi energiýanyň bu dikeldilýän çeşmeleriniň ählumumy energoulgamda möhüm orun eýelemäge ukyplydygyny görkezdi.

Baronessa Emma Nikolson foruma gatnaşyjylara wideoýüzlenmesinde Beýik Britaniýanyň Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygynyň , hususan-da, arassa energetika ulgamynda hyzmatdaşlygynyň mundan beýläkki ösüşini nähili görýändigini beýan etdi.

Nikolsonyň pikiriçe, Türkmenistanda pes zyňyndyly ykdysadyýete geçmek we pes uglerodly ösüşi gazanmak üçin ägirt uly mümkinçilik bar, şeýle hem energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini, ýel energiýasyny, Gün energiýasyny ornaşdyrmak üçin şertler bar.

Şunuň bilen baglylykda, Nikolson ýaşyl energetikanyň iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolup biljekdigini nygtady.

Şeýle hem teleköpriniň barşynda beýleki möhüm meselelere garaldy, şol sanda ählumumy energetika geçişiň ýörelgeleri we seljermesi, bu hadysada sanlylaşdyrmanyň orny, geljegiňýangyjy hökmünde wodorodyň ýangyç hökmünde ulanylmagy, arassa energiýa geçmekde tebigy gazyň orny dogrusynda maslahat edildi.

Şeýlelikde, iki sany iri halkara forumyň arasynda ilkinji gezek guralan wideomaslahat daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ulgamynda netijeli çäreleri işläp düzmäge ýardam etdi.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.