Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri VI Hazar sammitiniň geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler
15:03 27.10.2021 6811
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitiniň yzygiderli geçirilip durulmagynyň zerurdygyny nygtadylar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Kasym-Žomart Tokaýewiň Aşgabatda ýokary derejede geçiren gepleşikleriniň netijesinde kabul edilen Bilelikdäki Beýanynda aýdylýar.
«Hazar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, Prezidentler Hazarýaka döwletleriň sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy goldamakda, Hazarda ykdysady ösüşi ilerletmekde esasy orny eýeleýändiklerini bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, sebitde hyzmatdaşlyga itergi bermäge, sebitiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga we olary çözmek üçin bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitlerini yzygiderli geçirmegiň zerurdygy bellenildi» diýlip resminamada bellenilýär.
«Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistanda VI Hazar sammitini geçirmegiň, onuň mazmunynyň düzümini ýokary hilli işläp taýýarlamagyň we ylalaşmagyň ähmiýetini bellediler».
Bu sammitiň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirildi. Bu sammit Hazar deňzinde özara gatnaşyklaryň häzirki zaman hukuk esaslaryny emele getirmäge goşant goşar, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam eder.
Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň Liderleri Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ähmiýetini belläp geçdiler.
— Gazagystan Hazar deňzinde-de Türkmenistanyň goňşusydyr. Biziň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygymyz Hazary parahatçylygyň, ylalaşygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňişligine öwürmegiň möhüm ýagdaýydyr - diýip, türkmen Lideri belledi.
Bu ugurda, aýratyn-da, soňky ýyllarda köp işler edildi, strategik maksada ýetildi — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekildi, şoňa görä-de, biz Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Türkmenistanda geçiriljek nobatdaky, VI sammitinde bäştaraplaýyn özara hyzmatdaşlygyň hemme ugurlaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşarys – diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Prezident Tokaýew, öz gezeginde, Gazagystanyň ýakyn wagtda Türkmenistanda ähmiýetli çäräniň — Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň geçirilmegini goldaýandygyny belledi.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 24-25-nji oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.