Ýangyç-energetika toplumy — Türkmenistan bilen Gazagystanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda
15:41 27.10.2021 7150
Ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri türkmen-gazak söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasyndaky Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň barşynda bellenildi.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, ýangyç-energetika pudagynda, energiýa serişdelerini halkara bazarlara iberýän iri döwletler hökmünde ikitaraplaýyn mümkinçiligiň durmuşa geçirilmeginde hyzmatdaşlyk etmegiň oňat geljegi bar.
Türkmenistandan Hytaýa tarap çekilen gaz geçirijiniň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr, şonuň bir bölegi Gazagystanyň çäklerinden çekildi. Ýurdumyz türkmen tebigy gazyny ibermegi guramagyň mümkinçiliklerine degişli tehniki, guramaçylyk hem-de beýleki meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin geçirilen brifingde Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli, özara bähbitli häsiýetiniň bellenilendigi we onuň giňeldilmegine hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine taýýarlygyň tassyklanylandygy barada aýtdy.
Energetika, ulag, kommunikasiýalar, obasenagat toplumy we beýleki birnäçe pudaklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwletara hyzmatdaşlyga iki ýurduň işewür toparlaryny giňden çekmegiň möhümdigi nygtaldy.
Öz gezeginde, Kasym-Žomart Tokaýewiň bellemegine görä, gaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Tokaýew Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen gazyny özara kabul ederlikli nyrhlar boýunça Gazagystanyň bazaryna ibermegiň mümkinçiligine garamak barada ýüzlenendigini habar berip, döwlet Baştutanymyzyň bu meseläniň çözülmegine maksatlaýyn, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigi baradaky pikirini doly goldaýandygyny aýtdy.
Senagat kooperasiýasy Türkmenistan bilen Gazagystanyň hyzmatdaşlygynyň geljegi uly, möhüm ugrudyr. Häzir biziň ýurtlarymyzda dürli senagat pudaklaryny kemala getirmekde we ösdürmekde, senagat kärhanalarynyň döredilmeginde we netijeli işledilmeginde uly tejribe toplanyldy.
Has netijeli ykdysady kooperasiýa üçin iki ýurduň Hökümetlerine maýa goýumlary höweslendirmek hem-de goramak hakyndaky Ylalaşyga gol çekmegi çaltlandyrmak tabşyryldy.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.