Türkmenistan we Şweýsariýa ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi meýilleşdirýär
10:11 22.10.2021 6692
Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň-GDA-nyň/Gruziýanyň Birleşen söwda edarasynyň (BSE) arasynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly guralan işewürlik-forumynda Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň täze çözgütlerini we çemeleşmelerini işläp düzmek meseleleri maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyö daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň milli önümleriniň eksport mukdarynyň artdyrylmagyna, şol sanda ýurdumyzyň nebitgaz we dokma senagaty, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, gurluşyk, ulag we logistika ulgamlarynda ýöriteleşen şweýsar kompaniýalary bilen özara hereketleriniň has hem işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berildi.
Türkmen tarapyndan forumyň işine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, şeýle-de Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Şweýsariýa tarapyndan BSE-niň hem-de Şweýsariýanyň Ykdysady meseleler boýunça Döwlet sekretariatynyň ýolbaşçylary, şonuň ýaly-da nebitgaz, energetika, gurluşyk, binagärlik, maşyngurluşyk, demirýol gurluşygy hem-de kommunikasiýalar ýaly ulgamlarda ýöriteleşen 40-a golaý şweýsar kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar döwlet edaralarynyň hem-de kompaniýalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn ykdysady hem-de işewürlik işjeňligini, işewürlik-gurşawyny, ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga we oňa syn bermäge, söwda, maýa goýumlar hem-de ykdysady integrasiýa üçin döredilen şertler bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.