Türkmenistan owganara gapma-garşylyklary diňe parahatçylykly ýol, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrylmaga gyzyklanma bildirýär - DIM
10:02 22.10.2021 6285
Türkmenistan Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine, bar bolan gapma-garşylyklaryň diňe parahatçylykly ýollar bilen, syýasy-diplomatik serişdeleriň ulanylmagy arkaly kadalaşdyrylmagyna aýratyn gyzyklanma bildirýär. Bu barada Moskwada Owganystan boýunça geňeşmeleriň «Moskwa formatynyň» mejlisinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew çykyşynda belledi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy şeýle formatda geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň owgan topragynda hem-de onuň çäginden daşarda durnuklylygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen täze çemeleşmeleriň we utgaşdyrylan çözgütleriň işlenilip düzülmegine itergi berýändigini belläp geçdi.
Bu ugurda, özara hereketleriň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy, degişli pikirleriň alyşylmagy hem-de olar dogrusynda gaýragoýulmasyz netijeleriň kabul edilmegi üçin owgan tarapy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyklygy beýan edildi.
Şonuň ýaly-da çäräniň dowamynda Owganystanyň üstünden geçýän energetika, ulag we senagat geçelgeleriniň amala aşyrylmagynda halkara guramalarynyň hem-de maliýe institutlarynyň gatnaşmagy nukdaýnazaryndan, hyzmatdaşlygyň özara kabul ederlikli çözgütleriniň kemala getirilmegine aýratyn ähmiýet berildi.
Çärä Russiýanyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Eýranyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň ýokary derejeli wekiliýeti, şeýle hem taliban hereketiniň düzen wagtlaýyn hökümetiniň wekiliýeti gatnaşdylar.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.