OPEC-iň Baş sekretary 27-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynda çykyş eder
09:20 15.10.2021 6286
Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo 27-28-nji oktýabrda Aşgabatda garyşyk görnüşde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahatynda onlaýn görnüşde çykyş eder.
Bu barada forumyň guramaçylarynyň saýtynda habar berilýär. Guramaçylaryň hatarynda GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» Hojalyk Jemgyýeti bilen bilelikde çykyş edýär.
Forumyň deslapky maksatnamasynda bellenilişi ýaly, Barkindo 27-nji oktýabrda ählumumy energiýa ulgamynyň geljegine bagyşlanylyp geçiriljek plenar mejlisde çykyş eder.
Çykyş etjek beýleki daşary ýurtlularyň hatarynda Ählumumy gaz merkeziniň başlygy Rene Bausyň ady agzalýar. Ol dünýä ykdysadyýetini dikeltmekde tebigy gazyň ähmiýeti baradaky pikirleri bilen paýlaşar, şeýle hem bu ugurda Türkmenistanyň eýeläp biljek orny baradaky garaýyşlaryny beýan eder.
Bu plenar mejlisiň çäklerinde şeýle hem Ýewropa Energetika Hartiýasynyň Sekretarlygynyň sekretary Urban Rusnagyň, Halkara energetika merkeziniň energetika boýunça baş ykdysatçysy Tim Gulduň, CNPC-niň prezidenti Hou Sinszýanyň onlaýn çykyşlary eşitdiriler. Socar Trading SA-nyň ýerine ýetiriji direktory Marýam Almaszade hem foruma gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş eder.
«Tebigy gaz we energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri — az uglerodly geljege geçmekde esasy serişdeler» mejlisiniň çäklerinde Dubai Expo 2020 bilen teleköpri bu ýylky forumyň täzeligi bolar. Bu mejlis 28-nji oktýabrda geçirilip, Aşgabatda geçirilýän maslahata gatnaşyjylary Dubai Expo 2020-de Türkmenistanyň powilýony bilen baglaşdyrar.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara gatnawlaryna çäklendirmeler zerarly Aşgabat maslahaty garyşyk görnüşde — ýüzbe-ýüz hem onlaýn görnüşde geçiriler. Bu çemeleşme maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen işewür gepleşikleri guramakda hem ulanylar.
OGT 2021-e onlaýn gatnaşmak mugtdur. Onlaýn gatnaşmak üçin 22-nji oktýabrda çenli bellige alynmaly. Maslahat barada şu salgydan has köp maglumatlary alyp bilersiňiz: www.ogt-turkmenistan.com
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.