Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdylar
17:50 10.10.2021 7234
Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn we sebit gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Söhbetdeşligiň başynda Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly kärdeşini doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglygyny hem-de Russiýanyň dostlukly halkynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň artandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmen statistikasyna laýyklykda, şu ýylyň 8 aýynda, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, haryt dolanyşygy 12,5 göterim artdy. 2021-nji ýylyň 8 aýynda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 1 milliard 86 million amerikan dollaryna barabar boldy.
Nebitgaz ulgamynda hem-de gazhimiýa, awtomobil senagaty, gämigurluşyk, howa ulagy we beýleki ulgamlarda özara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär.
Söhbetdeşligiň barşynda Hazar «bäşliginiň» çäklerinde özara gatnaşyklar köptaraply hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen Lideri Türkmenistanyň şu ýyl Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitini geçirmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmen tarapy dünýädäki ýeňil bolmadyk pandemiýa zerarly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýa düşünmek bilen, bu sammitiň ýüzbe-ýüz görnüşde geçirilmegini möhüm hasaplaýar. Munuň özi häzirki wagtda gün tertibinde durýan wajyp meselelere içgin seretmek zerurlygy bilen şertlendirilendir. Şolaryň hatarynda durnuklylyk we howpsuzlyk, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak, Hazarda ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri bar. Mundan başga-da, sammit Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklaryny geçirmäge mümkinçilik döreder. Zerur bolan ýagdaýynda, Türkmenistan sammiti guramak meseleleri boýunça içgin pikir alyşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň wekilini kabul etmäge taýýardyr.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna berk ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.