Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolýar
14:24 07.10.2021 16463
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna 4-5-nji oktýabrda amala aşyran sapary resminamalaryň giň toplumyna gol çekmek arkaly tamamlandy. Ikiçäk we giňişleýin düzümde netijei geçirilen gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryny maslahatlaşdylar.
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depginlerini belläp, Prezidentler geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny çykalgalary açjakdygyna ynam bildirdiler.
Gol çekilen resminamalar toplumy syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplýyn hyzmatdaşlygy kesgitleýär.
Umuman, türkmen-özbek söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolýar hem-de Türkmenistan onuň netijeli ilerledilmeginiň üstünde yzygiderli işlär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu işlerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly orun berilýär. Biziň ýurtlarymyzyň işjeň hyzmatdaşlyk etmegi üçin uly mümkinçiligi bolan birnäçe anyk ugurlar we pudaklar bar. Olar obasenagat pudagy, energetika, himiýa senagaty, maşyngurluşyk ulgamy, dokma, gaýtadan işleýän, dag magdan gazyp alyjy pudaklardyr. Şunuň bilen birlikde, elbetde, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmak üçin hem biziň köp mümkinçiliklerimiz bar.
Ykdysady forumlaryň, maslahatlaryň, duşuşyklaryň, sergileriň we ýarmarkalaryň geçirilmeginiň iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri hem-de olaryň döwlet düzümindäki hyzmatdaşlary üçin göni gatnaşyklary ýola goýmakda we bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak boýunça içgin pikir alyşmakda täsirli binýat bolup durýandygy bellenildi.
Umuman, bu ulgamdaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilip, hil taýdan pugtalandyrylýar. 2021-nji ýylyň 7 aýynda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň görkezijisi ABŞ-nyň 230 million dollaryna barabar boldy, ýeňil senagat, maşyngurluşyk, nebithimiýa, oba hojalygy we gurluşyk serişdeleri ýaly ugurlarda import şertnamalarynyň 194-si bellige alyndy.
Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselesi baradaky gürrüňi dowam edip, şu saparyň barşynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan özbek kärhanalary bilen olaryň öndürýän, umumy bahasy ABŞ-nyň 307 million dollaryndan gowrak bolan önümlerini satyn almak babatda şertnamalary baglaşmak boýunça anyk teklipleriň işlenip taýýarlanylandygyny belledi. Munuň özi ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga saldamly goşant bolar.
Türkmenistan üçünji ýurtlara ibermek üçin niýetlenen oba hojalyk çig malyny, hususan-da, miwe, gök-bakja önümlerini gaýtadan işlemek ulgamynda hem-de himiýa, dokma senagaty önümlerini öndürmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň dürli görnüşlerini ýola goýmagyň geljegini öwrenmek üçin açykdyr. Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Söwda öýlerini açmak boýunça ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini çaltlandyrmak barada degişli tabşyryklary bermegi teklip etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, taraplaryň gün tertibiniň durnukly ösüş hem-de onuň düzümleýin bölekleri — energiýa howpsuzlygy, halkara ulag-üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlar boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyny dowam etmek barada ylalaşandyklaryny aýtdy.
Durnukly energetika ulgamynda gürrüň, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň sebitde iri möçberli energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy barada barýar. Şol taslamalaryň hataryna Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasyny goşmak bolar. Mundan başga-da biziň ýurdumyz Merkezi Aziýadan Günorta Aziýa elektrik energiýasynyň iberilişini artdyrmak boýunça meýilnamalaryň çäklerinde Özbegistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyr.
Ulag ulgamynda biz Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip biljek kuwwatly we häzirki zaman düzümini döretmek maksady bilen bilelikde işlemegi dowam ederis. Hususan-da, Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi — ondan aňry Gara deňziniň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykalgasy boljak ugur boýunça multimodal ulag geçelgesini doly derejede işe girizmek üçin, Türkmenistan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hyzmatlaryny hödürlemäge taýýardyr diýip, türkmen Lideri belledi.
Biziň ýurtlarymyzyň işjeň hyzmatdaşlyk etmegi üçin uly mümkinçiligi bolan birnäçe anyk ugurlar we pudaklar bar. Olar obasenagat pudagy, energetika, himiýa senagaty, maşyngurluşyk ulgamy, dokma, gaýtadan işleýän, dag magdan gazyp alyjy pudaklardyr. Şunuň bilen birlikde, elbetde, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmak üçin hem biziň köp mümkinçiliklerimiz bar.
Gepleşikleriň netijesi boýunça Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Baştutanyny özi üçin amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.