Türkmenistanda Hatyra güni mynasybetli çäreler geçirildi

14:25 07.10.2021 6762

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3046/original-1615e976c10610.jpeg

Düýn Aşgabatda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hatyralamak boýunça çäreler geçirildi.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine Gurbanguly Berdimuhamedow, Hökümet agzalary, Parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Döwlet Baştutany ýadygärlikler toplumynda halkymyzyň hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren gahrymançylygy bilen taryhda öçmejek yz goýan, geljek nesilleriň bagtyýar durmuşy we eziz Diýarymyzyň asudalygy üçin şirin janyndan geçen meşhur şahsyýetleriň keşbini suratlandyrýan diwar şekillerini synlady. Gurbanguly Berdimuhamedow ýadygärlikler toplumynyň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ornuna ünsi çekip, mekdep okuwçylarynyň hem-de talyplaryň topluma ýygy-ýygydan gelmegini guramagyň zerurdygyny, ýaşlarda merdana halkymyzyň beýik taryhyna buýsanjy hem-de hormaty, milletimiziň gahrymançylykly taryhyny yzygiderli öwrenmäge höwesi döretmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady. Munuň üçin ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki ugurdaş düzümleriň bilelikdäki tagallalary zerurdyr.

Özleriniň gahrymançylygy, watansöýüjiligi bilen taryhda öçmejek yz goýan pederlerimiziň nusgalyk ömürleriniň geljek nesillere ýetirilmeginde bu gymmatlyklara möhüm orun degişlidir. Olaryň ýaşlaryň aňynda we kalbynda mäkäm ornaşmagy ugrunda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilmelidir diýip, türkmen Lideri belledi hem-de degişli ýolbaşçylara bu barada tabşyryklary berdi.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.