Türkmenistan bilen Özbegistanyň haryt dolanyşygy soňky ýyllarda üç esse artdy
10:08 07.10.2021 6206
Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy soňky birnäçe ýylda üç esse artdy. Bu barada Özbegistanyň wise-premýeri Sardor Umurzakow Özbek-türkmen ykdysady forumynda mälim etdi diýip Sputnik Uzbekistan belleýär.
Şeýle hem Sardor Umurzakow soňky birnäçe ýylda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň üç esse artandygyny we şu ýylyň sekiz aýynda 25% ýokarlandygyny aýtdy. Resmi statistika maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 527 million ABŞ dollaryna, şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda bolsa 418 million 100 ABŞ dollaryna deň boldy.
Forumyň dowamynda Umurzakow şu ýyl Özbegistanyň Ýewropa Bileleşiginiň GSP+ artykmaçlyk berýän ulgamyndan peýdalanmaga hukuk gazanandygyny belledi. Bu ulgam Ýewropa gümrük paçsyz 6 müňden gowrak dürli görnüşli harydy eksport etmäge mümkinçilik berýär. Özbegistanyň wise-premýeriniň aýtmagyna görä, iki ýurduň telekeçileri bu pursatdan peýdalanyp, senagaty we eksporty bilelikde ösdürip bilerler.
Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň sekiz aýynda ýurtlaryň çäginden üstaşyr gatnawlaryň mukdary 13,5% ýokarlandy. Aşgabat ylalaşygynyň çäginde döwletler Russiýa-Gazagystan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Hindistan we Hytaý-Merkezi Aziýa-Hazar-Günorta Kawkaz-Ýewropa sebitleýin ulag geçelgelerini döretmäge gatnaşýarlar. Bu geçelgeleriň Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary ýurt bazarlaryna çykmagyny has-da işjeňleşdirmegine garaşylýar.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.