Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk ýubileýi dabaraly bellenilip geçildi
09:08 29.09.2021 8088
27-nji sentýabrda türkmen halky ýurdumyzyň iň esasy baýramçylyklarynyň birini — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belläp geçdi.
Ir bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagyny şöhlelendirýän Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Dabara gatnaşanlaryň hatarynda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, paýtagtymyza gelen daşary ýurtly myhmanlar bar.
Dabara şeýle hem Russiýa Federasiýasyndan — Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem-de Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow, ýurdumyzda ygtyýarlandyrylan diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, harby attaşeler, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurtly žurnalistler bar.
Soňra dabara gatnaşyjylar şanly sene mynasybetli baýramçylyk harby ýörişi geçirilýän paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşen Türkmenistanyň Döwlet münberiniň toplumyna ugradylar.
Harby ýörişe Goranmak ministrliginiň, Milli Howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň we Içeri işler minsitrliginiň düzümleri gatnaşdylar. Asmandan harby uçarlar we dikuçarlar uçup geçdi. Harby ýöriş türkmen esgerleriniň ýokary hünär taýýarlygyny we erjelligini, şeýle hem döwrebap tehnikalary we ýaraglary görkezdi.
Däp boýunça, şanly sene mynasybetli Hökümet agzalary Türkmenistanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat berdiler.
Soňra Türkmenistanyň welaýatlarynyň we halk hojalygynyň pudaklarynyň zähmetkeştoparlarynyň baýramçylyk ýörişi geçirildi. Münberiň öňünden bäş welaýatyň wekilleri, dürli pudaklaryň we edaralaryň wekilleri, türgenler we medeniýet işgärleri, döredijilik toparlary geçdiler.
Günüň ikiji ýarymynda Kongresler merkezinde medeniýet işgärleriniň baýramçylyk konserti, «Ýyldyz» otelinde bolsa şanly sene mynasybetli resmi kabul edişlik guraldy.
Baýramçylyk gününi Türkmenistanyň Döwlet münberiniň toplumynda geçirilen aýdym-sazly dabara, dronlaryň şüweleňi, şeýle hem baýramçylyk feýerwerki jemledi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.