Türkmenistanyň biržasynda TNGIZT-de öndürilen Jet A-1 awiaýangyjy satylyp başlandy
10:57 16.09.2021 8809
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen Jet A-1 awiasion ýangyjynyň ilkinji tapgyrlary Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda satlyga çykaryldy. Zawodyň täze önümi söwda gatnaşyjylarda uly gyzyklanma bildirdi we daşary ýurtly işewürler tarapyndan satyn alyndy.
Jet A-1 awiasion kerosininiň önümçiligine TNGIZT 2021-nji ýylyň iýulynda başlady. Ýangyjyň bu görnüşi Ýewropanyň, ABŞ-nyň we Kanadanyň raýat awiasiýasynyň howa gämileriniň, şol sanda Airbus we Boeing howa gämileriniň gazturbinaly hereketlendirijilerinde giňden peýdalanylýar.
Çig maly çuňlaşdyryp arassalamakdan alynýan täze ýangyç halkara awiasion ülňülerine laýyk gelýär we «Türkmenstandartlary»Baş döwlet gullugy tarapyndan sertifikatlaşdyryldy.
Türkmen nebithimiýaçylary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda öndürilýän nebit önümleriniň görnüşlerini giňeltmegiň üstünde işleýärler. Ýakynda TNGIZT-de AN-2 kysymly bir motorly ýeňil uçarlar üçin awiasion benziniň önümçiligi başlandy. Kiçi awiasiýada oba hojalyk işlerini geçirmekde ulanylýan bu ýangyç öň daşary ýurtdan import edilýärdi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.